«Ewertonyň» ozalky futbolçysy Li Te Hytaýyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

12:3203.01.2020
0
11051

Angliýanyň «Ewerton» klubynyň ozalky futbolçysy Li Te Hytaýyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada AFK-nyň resmi saýty habar berýär. 42 ýaşly hünärmen bu wezipä ozalky baş tälimçi Marçello Lippiniň ornuna geldi.

Angliýanyň «Ewerton», «Şeffild Ýunaýted», Hytaýyň «Lýaonin» ýaly toparlarynda futbol oýnan Li Te 2002-nji ýylda Hytaýyň milli ýygyndysy bilen dünýä çempionatyna hem gatnaşdy.

Tälimçi hökmünde ol Hytaýyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisiniň kömekçisi, «Guançžou Ewergrandyň», «Hebeýiň» we «Uhanyň» baş tälimçileri wezipelerinde işledi.

Li Teniň öňünde goýlan esasy maksat milli ýygyndynyň Dünýä çempionaty ― 2022-ä çykmagydyr. Hytaýyň ýygyndysy saýlama tapgyryň «A» toparçasynda ýaryşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň