Türkmenistanda pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň 10 göterim ýokarlandyrylan möçberi tölenilip başlandy

23:5702.01.2020
0
20118

Resminama laýyklykda, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberi 1415 manat möçberde kesgitlenildi. Bu barada TDH ýazýar.

Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň artdyrylmagynyň her ýyl geçirilýän çäredigini bellemek möhümdir. Bu çäre döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň yzygiderli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen okgunly ösdürmäge hem-de sanly ulgama geçirmäge, dünýä hojalyk gatnaşyklaryny giňeltmäge, durnukly ösüşi hem-de ähli derejelerde ýaşaýyş-durmuşy has-da gowulandyrmaga gönükdirilen beýleki döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilip, şäherlerimiziň we obalarymyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar.

Ýaşuly adamlara hormat-sarpa goýmak hem-de ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary hilini üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ynsanperwer ugry bolup durýar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän gymmatlyklary we köpasyrlyk däpleri şol syýasatyň özenini düzýär.

Ýaşuly nesliň baý durmuş we zähmet tejribesi parahatçylyk, hoşniýetlilik hem-de döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan syýasaty we döredijilikli başlangyçlary, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda, ýaşlary ruhy-ahlak we watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.

Ýaşulularyň bugdaý we gowaça ekişine ak pata bermeginiň, galla oragyna hem-de pagta ýygymyna badalga bermeginiň çuňňur manysy bardyr. Türkmenistanda asylly işleriň, dabaralaryň we baýramçylyklaryň ählisi hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda we ak pata bermeginde geçirilýär. Bu däpler hem ýaşulularyň pikirine çuňňur sarpa goýmak ýörelgesine hem-de halkymyzyň arasyndaky abraýyna esaslanýar. Çünki gadymy döwürlerden bäri türkmenlerde wajyp meseleleri köpügören we uly hormata eýe bolan ýaşulular bilen maslahatlaşyp çözmek däbe öwrüldi.

Milletiň Lider Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýatlar boýunça iş saparlarynyň barşynda, iri dabaraly çäreler mahalynda hormatly ýaşulular bilen söhbetdeş bolmagy hem döwletimiziň ýaşululara, olaryň pikirine uly üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Taryhyň sahypalary, türkmen nusgawy ýazyjylarynyň eserleri hem-de nesilden-nesle geçirilip gelinýän halk nakyllary we pähimler ýaşuly adamlara uly sarpa goýulýandygyna hem-de jemgyýetde olaryň mynasyp orun eýeleýändigine şaýatlyk edýär. «Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz», «Ýaşulular öýüň daýanjydyr» diýen nakyllar ýaşululara — parasatly halypalara we mugallymlara çuňňur hormat-sarpanyň aýdyň beýanydyr. Şu gün hem türkmenistanlylar ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, çagalaryny we agtyklaryny terbiýelemäge saldamly goşant goşýan ýaşululara tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

«Baý durmuş tejribesini toplan parasatly ýaşulularymyz, maşgala ojagynyň daýanjy bolan mährem enelerimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy ýürekden söýýän, ýokary ahlak häsiýetlerini, watansöýüjiligiň belent düşünjelerini özünde jemleýän, ynsanperwer ýörelgelerimize, asylly däp-dessurlarymyza ygrarly ogul-gyzlary terbiýelemekde özboluşly mekdepdir» diýip, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Ýurdumyzda «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen belent adyň döredilendigini bellemek gerek, munuň özi berkarar Watanymyzyň ähli üstünliklerinde, mähriban halkymyzyň milli jebisligini berkitmekde, döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny ösdürmekde ýaşuly nesliň aýratyn hyzmatlarynyň ykrar edilmegidir.

Her ýyl pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberini ýokarlandyrmakdan başga-da, birnäçe kanunlar hem-de kanunçylyk-kadalaşdyryjy namalar kabul edildi. Şolaryň hatarynda «Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda» Türkmenistanyň Kodeksi bar. Pensiýa ulgamyny kämilleşdirmegiň, döwlet kömek pullaryny bellemegiň we tölemegiň oýlanyşykly düzülen guraly bolan bu kanunçylyk namasy degişli hukuk, durmuş, ykdysady, dolandyryş we beýleki çäreleriň giň toplumyny öz içine alýar.

Şeýlelikde, bu Kodeks ýaşuly nesliň mynasyp durmuşda ýaşamagyny, uruş we zähmet weteranlaryny, maýyplary, eneleri, durmuş kömegine mätäç beýleki adamlary döwletiň goldamagyny hukuk esasynda, deňlik we adalatlylyk ýörelgelerinde üpjün etmegiň kepili bolup durýar.

Bu ugurda görülýän çärelere laýyklykda, «Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda» Kodeksine yzygiderli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär, beýleki kanunçylyk namalary işlenilip taýýarlanylýar.

Ýaşuly nesliň saglygy döwletimiziň aýratyn aladasydyr. Şu maksat bilen öňdebaryjy dünýä tejribesini peýdalanmak bilen bina edilen sagaldyş merkezlerinde, şypahanalarda, Saglyk öýlerinde we hassahanalarda ýaşululara lukmançylyk hyzmatlarynyň köp görnüşleri hödürlenilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 1-nji oktýabrda tutuş dünýäde bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni ýurdumyzda şanly seneleriň milli sanawyna girizildi. Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça şol gün paýtagtymyzda we türkmen topragynyň ähli künjeklerinde ýaşuly nesliň wekilleriniň hormatyna dürli medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär.

Türkmenistanyň 2020 — 2024-nji ýyllar üçin BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanylmagy ilatyň, şol sanda ýaşuly adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň üstünlige beslenýändigine şaýatlyk edýär.

Döwlet pensiýa ulgamynyň bolmagy ýaşuly adamlar üçin kepillendirilen girdejini üpjün etmegiň esasydyr, ählumumy durmuş goraglylygynyň ähmiýetli bölegidir. Bu bolsa, öz nobatynda, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde esasy şertleriň biridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň