Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Täjigistanyň, Duşenbede Türkmenistanyň söwda öýleri açylar

18:1602.01.2020
0
867

Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Orazmyrat Gurbannazarow bilen Täjigistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Farruh Şarifzodanyň arasyndaky duşuşyk döwletara ykdysady hyzmatdaşlyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň meselelerine bagyşlandy.

Gepleşikleriň dowamynda söwda ulgamy boýunça hem käbir ylalaşyklara gelindi. «Infoshos.ru» saýtynyň ýazmagyna görä, Türkmenistan bilen Täjigistan birek-biregiň ykdysady mümkinçiliklerine ýokary baha berýär. Döwletler diňe bir ykdysadyýet ýa-da söwdada däl, eýsem, innowasiýa we oba hojalygy boýunça hem hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldip bilerler.

Bu duşuşykda gazanylan iň esasy ylalaşyk bolsa Aşgabatda we Duşenbe şäherlerinde dostlukly döwletiň söwda öýlerini açmak babatyndaky başlangyç boldy. Iki paýtagtda Türkmenistanyň we Täjigistanyň söwda öýleri ýakyn geljekde işläp başlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň