Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti täze ýylyň ilkinji pursatlarynda doglan çagajygyň ata-enesini gutlady

23:4601.01.2020
0
21706

Türkmenistanda täze, 2020-nji ýylyň başlanýan güni ilkinji dünýä inen bäbegiň ene-atalaryna Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy we milletiň Lideriniň aýdan bagtly durmuş, sagdynlyk we abadançylyk baradaky arzuwlary aýdyldy.

Bu körpeje Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde täze ýylyň ilkinji pursatlarynda dünýä indi.

TDH agentliginiň ýazyşy ýaly, çaganyň we enäniň saglyk ýagdaýy kanagatlanarly. Doglan oglanjygyň agramy 3 kilogram 610 gram, boýy 52 santimetr. Bäbejige Mekan diýlip at goýuldy.

Çaganyň bagtyýar ene-atalary ― Annaýewleriň maşgalasy çagany we eneligi goldamak boýunça durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatyny alyp barýandygy, ösüp barýan ýaş nesiller hakynda alada edýändigi üçin milletiň Liderine tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Munuň özi olaryň kalbynda mähriban Watanymyza bolan buýsanç duýgularyny besleýär.

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2015-nji ýylyň 20-nji iýulynda açylandygyny bellemek gerek. Bu iri lukmançylyk edarasy ylmyň we tejribäniň esasy ugurlaryny özünde jemleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň