Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentine BMG-niň ýolbaşçysyndan we döwlet Baştutanlaryndan Täze ýyl Gutlaglary geldi

09:0831.12.2019
0
15148

Täze ýyl baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna BMG-niň ýolbaşçysyndan we döwlet Baştutanlaryndan Gutlag hatlary gelip gowuşdy.

«Size çuňňur hoşallyk bildirýärin we 2020-nji ýylda rowaçlyklary arzuw edýärin» diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň Gutlagynda aýdylýar.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bolsa öz gutlagynda «Täze ýylda Russiýanyň we Türkmenistanyň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine ýola goýulýan wajyp gatnaşyklary berkitmek boýunça bilelikdäki işleri netijeli dowam etjekdigimize ynanýaryn» diýip belleýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin türkmen döwletiniň Baştutanyna: «Sizi Täze, 2020-nji ýyl bilen gutlaýaryn» diýen mähirli sözlerini ugradypdyr. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Gutlagynda bolsa: «Sizi Roždestwo we Täze ýyl bilen gutlaýaryn» diýilýär.

«Täze ýyl gutlaglarymy we Täze ýylda iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!» diýip, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe maşgalasy bilen Türkmenistanyň Prezidentine öz Gutlagyny ýollapdyr.

Şeýle mazmunly Gutlag hatlary Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewden, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomoli Rahmondan, Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarelladan, Islandiýa Respublikasynyň Prezidenti Gwýudni Torlasiýus Ýouhannessondan we onuň maşgalasyndan, Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Kolinda Grabar-Kitarowiçden, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkodan, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewden, Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwiliden, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiden we onuň maşgalasyndan hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniden gelip gowuşdy ― diýip, döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň