Türkmenistanly talyplar Belarusda geçirilen boks uniwersiadasynda altyn medala mynasyp boldular

23:2130.12.2019
0
15546

Belarus döwlet uniwersitetiniň türkmenistanly talyplary boks boýunça Respublikan uniwersiadada altyn medala mynasyp boldular. Bu barada uniwersitetiň resmi saýty habar berýär.

Geçen güýzde biziň ildeşlerimiz bu ýaryşyň saýlama tapgyryndan üstünlikli geçdiler. Ýaryşyň final bölegi bolsa 17 ― 21-nji dekabr aralygynda geçirildi.

Respublikan uniwersiadada türkmenistanly talyplar Rahym Atabaýew, Yslam Baýramow, Baýram Ataýaew we Mergen Ýollyýew dagylar öz agram derejelerinde altyn medala mynasyp boldular.

Ýeňijilere medallar we Hormat hatlary gowşuryldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň