Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri bir-biregi Täze ýyl bilen gutladylar

21:2530.12.2019
0
6922

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi ― diýip, TDH habar berýär.

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, ýetip gelýän Täze, 2020-nji ýyl mynasybetli birek-biregi gutlap, berk jan saglyk, ähli oňyn başlangyçlarda hem-de doganlyk türkmen we özbek halklarynyň bähbidine bilelikdäki işlerde uly üstünlikler arzuw etdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pikir alşyldy. Goňşy döwletleriň Baştutanlary häzirki wagtda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýokary netijeliliginiň bähbitleriň umumylygy hem-de ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek üçin berk syýasy erk-islegiň bardygy bilen şertlendirilendigini kanagatlanma bilen bellediler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew köpugurly hyzmatdaşlygy geljekde hem giňeltmek üçin, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda, senagat pudagynda, ulag-kommunikasiýa ulgamynda, obasenagat toplumynda we iki ýurduň hem-de tutuşlygyna sebitiň ykdysady taýdan abadançylygynyň maksatlaryna laýyk gelýän täze giň gerimli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň birnäçe beýleki ugurlarynda uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirýän sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyp, iki ýurduň ikitaraplaýyn görnüşde hem, BMG-niň, GDA-nyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde hem ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine özara ylalaşykly hereket etmäge we birek-biregi goldamaga ygrarly bolup durýandygyny nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk ediji ýurt hökmünde geçiren çäreleriniň ýokary derejesini belledi. Özbegistan 2020-nji ýylda GDA başlyklyk etmegiň wezipesini kabul edip, türkmen Lideriniň GDA ýurtlarynyň syýasy-hukuk, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda özara goşulyşmaklary, ählumumy işlerde bu guramanyň ornuny ýokarlandyrmak boýunça tagallalaryna ýokary baha berýär diýip, dostlukly ýurduň Baştutany aýtdy.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň ähli ýurtlary bilen ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem oňyn gatnaşyklaryň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýändigini nygtap, GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen Arkalaşygyň döwletleriniň Strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnamanyň ähmiýetini belledi.

Telefon söhbetdeşligi özbek tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň