Arhiw

Liwiu Çobotariu: «Biz Aziýa kubogy ― 2023-e gönümel gatnaşmagy maksat edinýäris»

19:2430.12.2019
0
7736

Liwanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi, rumyniýaly hünärmen Liwiu Çobotariu ýurduň «FA Lebanon» neşirine beren interwýusynda täze ýyl babatyndaky maksatlaryny beýan etdi.

— Men toparçada ikinji orna çykmagy maksat edinýäris. Eger muny başarsak, üçünji saýlama tapgyryna çykyp bileris (Dünýä çempionaty ― 2022-niň Aziýa boýunça üçünji saýlama tapgyry ― redaksiýanyň belligi). Dünýä çempionatyna gatnaşmak örän kyn wezipe, ýöne biz Aziýa kubogy ― 2023-e gönümel gatnaşyp bileris ― diýip, baş tälimçi aýtdy.

— Meniň şertnamam 2020-nji ýylyň iýunynda tamamlanýar. Eger biz toparçada ikinji orny eýeläp bilsek, şertnamam awtomatiki ýagdaýda uzar. Eger bu eýgertmese, galan zady Liwanyň Futbol assosiasiýasy çözer.

Ýeri gelende, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň «H» toparçasynda ýyly lider bolup tamamlandygyny ýatladýarys. Bizden bir oýny az oýnan Koreýa Respublikasynyň ýygyndysynda 8 utuk bar. Şol sanda häzir Liwan bilen KHDR hem 8 utukda. Toparçanyň soňky ornundaky Şri-Lankanyň ýygyndysynda bolsa heniz utuk ýok.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň