Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy

07:4030.12.2019
0
13698

     29-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp,  “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, olaryň türgenleşik işleri bilen tanyşdy -  diýip, TDH habar berýär.

    Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow toparyň agzalary bilen duşuşmak, alyp barýan işleri bilen tanyşmak üçin ýörite gelendigini aýdyp, olary ýetip gelen Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem toparyň agzalarynyň türkmen atşynaslyk sungatyny ösdürmek ugrunda uly işleri alyp barýandygyny, ajaýyp ahalteke bedewlerinde çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýändiklerini kanagatlanma bilen belledi.
    Milletiň Liderinň belleýşi ýaly, türkmen jigitleriniň at üstünde täsin oýunlary görkezýändiklerini, olaryň oýunlarynyň dünýä halklaryny haýrana goýýandygyny we ençeme halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baş baýraklara mynasyp bolýandyklaryny nygtady.

Döredilen gününden bäri geçen döwürde topar has-da kämilleşdi, onuň maddy-üpjünçilik binýady berkidildi. Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi diýen belent ady göterýän bu toparyň gazanan üstünliklerini belläp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow toparyň agzalarynyň ussatlygy, olaryň uly üstünlikleri berkarar döwletimizde atçylyk pudagynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup, ýaşlarda sporta, bedewlere söýgi döretmek bilen, halkymyzyň atçylyk ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilmegine ýardam edýändigini nygtady.
    Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmäge döwlet tarapyndan uly üns berilýär. Bu ulgamda behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny belende götermek, baş sanyny artdyrmak, milli atçylyk sportuny wagyz etmek boýunça giň gerimli işler geçirilýär.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gözelligi, owadanlygy, ýyndamlygy bilen dünýäni haýrana goýýan türkmen bedewleriniň şanyna toý-dabaralaryň uludan tutulýandygyny aýdyp, atçylyk sungatyny ösdürmek ugrunda mundan beýläk-de uly işler durmuşa geçiriler diýip belledi.
    Soňky ýyllarda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary uly üstünlikleri gazandy. Ol 2019-njy ýylda Bahreýnde we Hytaý Halk Respublikasynda çykyş etmäge çagyryldy. Munuň özi bütin dünýäde türkmen bedewlerine hem-de at çapmagyň milli mekdebine ägirt uly gyzyklanmanyň aýdyň subutnamasydyr. At üstündäki milli oýunlar mekdebi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň ösdürilmegine hemişe goldaw bermegi netijesinde täze ösüşe eýe boldy.
    Toparyň agzalary hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar, ýaşajyk çapyksuwarlar bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän goşgulary okadylar.
    Döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewlerimizi, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan milli at üstündäki oýunlary dünýä ýaýmaga goşýan goşandyny bellemek bilen, “Galkynyş” toparynyň çapyksuwarlaryna öz ussatlygyny kämilleşdirmekde täze üstünlikleri arzuw etdi hem-de toparyň agzalaryny ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlap, olara baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdy.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem «Galkynyş» toparynda dörän ýaş maşgalanyň durmuşy bilen gyzyklandy, olaryň tutan toýy toparyň durmuşynda ýatdan çykmajak waka boldy. Bu maşgalanyň iki perzendiniň dünýä inendigi habar berildi. Milli Liderimiz olaryň her biriniň adyny tutup, Täze ýyl sowgatlaryny gowşurdy.
    Soňra hormatly Prezidentimiz «Galkynyş» toparyna gazanan uly üstünlikleri üçin ABŞ-nyň 50 müň dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurdy.
    Milli Liderimiziň «Rowaç» atly aýdymly diskini sowgat gowşurmagy çapyksuwarlar üçin ajaýyp sowgat boldy. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň Rowaç diýip atlandyran bedewi 2019-njy ýylyň başynda doguldy. Hormatly Prezidentimiz bu bedewi «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sowgat beripdi we ajaýyp bedewiň taýçanak wagty oňa nurana aýdym bagyşlapdy.
    «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy P.Baýramdurdyýew bedewleriň sanyny köpeltmek, bu ýerde degişli seýisçilik we ideg işlerini ýokary derejede alyp barmak ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa toparyň agzalarynyň adyndan hoşallyk bildirdi.
    Soňra toparyň ýolbaşçysy bedewleriň arasyna täze goşulan Ak ýol atly bedewi hormatly Prezidentimize görkezdi we bu bedewi manežde çapyp görmegi haýyş etdi.
    Hormatly Prezidentimiz nurana bedewiň jylawyndan tutup, onuň bilen birsellem gezim etdi. Şu pursatda Ak ýol atly ak behişdi bedewine atlanan Gahryman Arkadagymyz mähriban halkymyza Täze ýylda ak ýollara rowanalygy arzuw etdi.
    Döwlet Baştutanymyz manež boýunça bedewde birnäçe aýlaw edenden soň öz çapyksuwarynyň erk etmegi bilen, bedew birnäçe hereketleri ýerine ýetirip, artistlik başarnyklaryny görkezdi. Şol pursatda sazyň ýaňlanmagy bilen bedew aýak urşuny sazyň depginine görä batlandyrdy, öz başarnyklaryny, tebigy gözelligini hem-de çapyksuwar bilen ýakyndan özara düşünişmegiň nusgasyny görkezdi.
    Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toparyň agzalaryna mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň