Robert Lewondowski ýylyň dowamynda iň köp tapawutlanan hüjümçi

12:1529.12.2019
0
7908

“Bawariýanyň” polşaly  hüjümçisi Robert Lewondowski 2019-njy ýylda iň kän tapawutlanan futbolçy boldy. Marca neşiriniň ýazmagyna görä, hüjümçi şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri 54 duşuşykda 58 pökgi geçirdi.

Ikinji orny “Barselonanyň” argentinaly hüjümnçisi Lionel Messi eýeledi. Hüjümçi 58 duşuşykda 50 gezek tapawutlandy. Üçünji orny eýelän Kilian Mbappeniň (PSŽ, Fransiýa) hasabynda bolsa 49 duşuşykda 44 gol bar.

Sanawyň dördünji basgançagynda “Mançester Sitiniň” hüjümçisi Rahim Sterling bar. Ol ýylyň başyndan bäri 43 gol geçirdi. Ýöne şu ýylyň dowamynda “Şäherlileriň” ýene bir duşuşygy bar. Diýmek, Sterling ýylyň dowamynda iň köp tapawutlanan futbolçylaryň ilkinji üçlügine girip biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň