Aşgabadyň Täze ýyl bezegleri boýunça yglan edilen bäsleşik jemlenildi

22:5328.12.2019
0
22060

 

Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli paýtagtymyzy, onuň ýollaryny, meýdançalaryny, seýilgählerini we beýleki köpçülikleýin ýerlerini, binalary degişli derejede bezemek barada beren tabşyrygyna laýyklykda, Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan türkmen telekeçileriniň arasynda ýurdumyzyň baş şäherini ýokary derejede bezemek boýunça bäsleşik yglan edildi.

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň resmi saýtynyň ýazmagyan görä, «Täze ýyl baýramy äheňinde bezelen iň gowy seýilgäh we baýramçylyk meýdançasy» atly bäsleşige Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň onlarçasy gatnaşyp, olaryň arasyndan iň ökdeleri öňe saýlandy. Bu bäsleşikde bezeg işlerine milli äheň bermek bilen ýokary derejede amal eden «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 1-nji orny, «Serpaý ussat hyzmatdaş» hususy kärhanasy 2-nji orny, «Owadan ülke» hojalyk jemgyýeti hem 3-nji orny eýeläp, hormatly Prezidentimiziň gymmat bahaly sowgatlaryna mynasyp boldy.

—    Bu bäsleşikde biz paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de onuň myhmanlarynyň iň bir gelim-gidimli ýeri bolan «Ylham» seýilgähidir Garajaoglan seýilgähini bezedik. Şöhratly geçmişimize, taryhy şahsyýetlerimize çuňňur hormat-sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen açylan «Ylham» seýilgähi öňem gözel görki, ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän baglary, bark urýan al-elwan gülleri bilen göreni haýran edýär. Bu gözelliklere Täze ýyl öwüşgininiň çaýylmagy seýilgähiň görküni has-da artdyryp, ajaýyp ertekiler dünýäsine öwürdi. Onuň üçin ululy-kiçili Täze ýyl arçalarynyň ak hem ýaşyl reňklileri, yşyklandyryjy enjamlaryň dürli görnüşleri, oýnawaçlardyr jäjekler saýlanyp alyndy. Aýazbabadyr Garpamygyň, türkmen halk ertekilerinden gahrymanlaryň dürli haýwanjyklaryň şekilleri oturdyldy. Ýodalara ýörite bassyrmalar çekilip, Täze ýyl bezegleri we dürli yşyklar bilen bezeldi.

Çyralarynyň älemgoşar öwüşgini bilen bu seýilgähler gijelerine has-da owadan görnüşe girýär. Şonuň üçin Täze ýyly garşy alýan günlerimizde «Ylham» we Garajaoglan seýilgähleriniň ir ertirden gijagşama çenli mähellesi egsilmeýär diýip, bäsleşigiň ýeňijisi «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Halapberdi Annaýew aýdýar.

«Serpaý ussat hyzmatdaş» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Berdimyrat Nagmatow bolsa şeýle gürrüň berýär:

— Bäsleşik yglan edilende, bizem başarnygymyzy synap görmegi makul bildik hem-de onda ýeňiji bolmagy öz öňümizde maksat edindik. Şeýlelikde, paýtagtymyzyň Magtymguly ýadygärliginiň ýerleşen meýdançasyny bezäp, 2-nji orny eýeledik hem-de hormatly Prezidentimiziň gymmat bahaly sowgadyna mynasyp bolduk.

«Owadan ülke» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Röwşen Bekmämmedowyň aýtmagyna görä, bu jemgyýet paýtagtymyzyň iň owadan we köp adamly ýerleri bolan «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähini «Ak şäherim Aşgabat» monumenti bilen birlikde ýokary derejede bezäp, üçünji, baýrakly orna mynasyp boldy.

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň