Resmi: Zlatan Ibragimowiç «Milan» bilen şertnama baglaşdy

12:1328.12.2019
0
5635

Şwesiýaly dünýä meşhur futbol ýyldyzy Zlatan Ibragimowiç Italiýanyň «Milan» kluby bilen şertnama gol çekdi. Futbolçynyň şertnamasy alty aýlyk bolar.

Bu barada «Milan» özüniň resmi saýtynda habar berdi.

Iň soňky gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Los Anželes Gelaksi» toparynda çykyş eden ýyldyz «Milanda» mundan öň 2010 ― 2012-nji ýyllar aralygynda hem futbol oýnapdy. Ol Ýewropada «Barselona», PSŽ, «Mançester Ýunaýted» ýaly toparlaryň hem köýnekçesini geýdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň