Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Mizan» täjirçilik merkezinde guralan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy

10:5028.12.2019
0
7563

27-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramy mynasybetli «Mizan» täjirçilik merkezinde guralan erkin döredijilik dabarasyna gatnaşdy ― diýip, TDH habar berýär.

Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet we sungat ussatlary hem-de beýlekiler ýygnandylar.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen bu ýerde guralan dabara gatnaşyjylary we tutuş türkmen halkyny Täze ýyl baýramy bilen gutlap, tamamlanyp barýan 2019-njy ýylyň döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Watanymyzyň taryhynda möhüm sahypa öwrülendigini belledi.

Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar öz gezeginde döwlet Baştutanyny hemmeleriň söýüp garşylaýan baýramy bilen gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, ähli asylly başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdiler.

«Mizan» merkezinde guralan dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ajaýyp çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olar belent ruha beslenen aýdym-sazlary bilen halkymyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleriniň waspyny ýetirdiler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň