Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow ýüze çykan uçar heläkçiligi üçin Gazagystanyň Prezidentine gynanç bildirdi

21:4427.12.2019
0
15496

27-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Almaty şäheriniň golaýynda «Bek Air» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetirmelerine getiren heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny ýollady ― diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Gazak mediasynyň ýazmagyna görä, anna güni ir bilen «Bek Air» awiakompaniýasyna degişli uçar Almatydan Nur-Sultan şäherine gatnawy amala aşyrýardy. Onuň bortunda 98 ýolagçy, şol sanda 9 çaga, ekipažyň 5 wekili bardy. Iki gatly binanyň beton goragyna çaknyşyp, heläkçilige uçran uçarda 15 adam heläk bolsa, köp sanly adam bolsa ýaralandy.

Interfaksyň ýazmagyna görä, uçarda Ukrainanyň, Gyrgyzystanyň we Hytaýyň raýatlary hem bardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň