Soňky habarlar

Arhiw

2020-nji ýyl «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edildi

20:3527.12.2019
0
45547

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýyly  «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýip atlandyrmak hakyndaky başlangyjyny goldap, şu gün – 27-nji dekabrda Türkmenistanyň Mejlisi Karar kabul etdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2020-nji ýyl «Türkmenistan — Bitaraplygyň  mekany» şygary astynda geçer. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň bilelikde geçirilen şu günki mejlsiniň dowamynda döwlet Baştutanyna hasabat berildi.

2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejene eýe bolanyna 25 ýyl dolýar.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, Birleşen Milletler Guramasynyň taryhynda hem möhüm senedir. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen her ýylyň 12-nji dekabry BMG tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.

Häzirki zaman dünýäsinde Türkmenistanyň parahatçylyk we hoşniýetli bitaraplyk syýasaty dünýä jemgyýetçiliginden oňyn seslenmä eýe bolýar. Hut şonuň üçin-de, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edildi, Birinji Hazar ykdysady forumynyň Jemleýji Beýannamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň