Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti agtyklary bilen Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy

02:3427.12.2019
0
14078

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna çagalar döredijilik toparlarynyň hem-de sirk we estrada artistleriniň gatnaşmagynda Täze ýyl baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabara Türkmenistanyň Prezidenti agtyklary bilen bilelikde gatnaşdy.

Milletiň Lideri ýygnananlaryň ählisine gutlag sözi hem-de iň gowy arzuwlar bilen ýüzlenýär. Hormatly Prezident ýurtda bagtyýar çagalygy üpjün etmek üçin hem-de ýaşlar syýasaty ulgamynda toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini belledi. Geljek ýyl hem bu ulgamda möhüm ähmiýetli wakalaryň baý bolmagyna garaşylýar.

Şadyýan Täze ýyl sazynyň owazy belentden ýaňlanýar we baýramçylyga gatnaşýan çagalar Aýazbaba, Garpamyk, halk ertekileriniň hem-de gündogar senenamasynyň gahrymanlary bilen bilelikde dürli reňkli şarlar, oýnawaçlar we beýleki köpöwüşginli serişdeler bilen bezelen arça tarap ugradylar.

Täze ýyl äheňinde bezelen uly zalda köp owazly aýdymlar, joşgunly tanslar ýerine ýetirilip hem-de Täze ýyla bagyşlanan goşgular okalyp, giň gerimli baýramçylyk şüweleňi ýaýbaňlandyrylýar.

Aýazbaba çagalary arçanyň töweregine gelmäge çagyrýar we şeýlelikde, döredijilik bäsleşigi başlanýar. Bäsleşigiň dowamynda çagalar aýdym aýdýarlar, goşgy okaýarlar hem-de tans edýärler. Olaryň yzysüre çagalaryň hor we tans toparlary çykyş edýärler. Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleri körpe ýerine ýetirijilere goldaw berýärler.

Türkmen halk ertekileriniň we çagalar üçin multfilmleriň äheňinde ýerine ýetirilen çykyşlar körpelere aýratyn ýarady. Çünki hemmelere mälim bolan gahrymanlar bilen arçanyň daşyndan aýlanmak hem-de olar bilen tans etmek mümkinçiligi döredi. Çagalaryň begenjiniň çägi ýok — olaryň şadyýan owazlary alyslardan eşidilýär. Dabara şeýle hem Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň wekilleriniň çagalary gatnaşdylar. Çagalar özleriniň ene dillerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mübäreklediler we hemmeleri Täze ýyl bilen gutladylar.

Ýurdumyzyň çagalar hor we tans toparlary türkmen, rus we iňlis dillerinde “Täze ýyl jazy” atly aýdymly tansy uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler.

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleri hem tomaşaçylara özleriniň joşgunly çykyşyny hödürlediler. Ýurdumyzda hem-de onuň çäklerinden daşarda hem meşhur bolan «Mukam» skripkaçylar topary «Şatlyk» atly şowhunly sazy ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Dabaranyň dowamynda iň gowy çagalar döredijilik toparlary hem-de aýdymçylar we folklor ýerine ýetirijiler öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Şadyýan çykyşlary bilen tomaşaçylara uly lezzet beren hem-de olaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp bolan teatr we sirk artistleriniň owadan lybaslary hem dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Aýdym-sazly çykyşlar, joşgunly tanslar baýramçylyk konsertiniň täsirliligini has-da artdyrdy. Konsertiň barşynda çagalar öz zehinlerini görkezdiler. Halk we estrada aýdymlaryna uly zala ýygnananlaryň ählisi öz seslerini goşdular.

Aýratyn hem özboluşly türkmen halk aýdym-sazlary hemmelerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Şolarda türkmenleriň gadymy tans dessurlarynyň äheňleri öz aýdyň beýanyny tapdy.

Ýaş artistler türkmen sungatynyň we medeniýetiniň geljeginiň ygtybarly ellerdedigini aýdyňlyk bilen görkezdiler. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlara nesihat edişi ýaly, milli mirasyň baýlygyny özüne siňdirip, ondan ruhlanyp hem-de täze pikirleri we ýörelgeleri alyp, dünýäniň medeni gymmatlyklaryny hem özleşdirýärler.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça dürli ugurlarda ýeňijilere baýraklar gowşuryldy. Dabara gatnaşyjylaryň ählisine ägirt uly süýjülik torty hödürlenildi. Şondan soňra, bu ýere ýygnananlaryň ählisi türkmen toýuna çagyryldy.

Bu ýerde dabara gatnaşyjylaryň gözüniň alnynda milli dessurlary özünde jemleýän türkmen toýy ýaýbaňlandyrylýar. Ençeme asyrlar mundan ozal bolşy ýaly, häzirki döwürde hem özboluşly däp-dessurlar özüniň ruhy-medeni köklerine hem-de gadymdan gelýän maşgala gymmatlyklaryna ygrarly bolan türkmen halkynyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Köpöwüşginli şadyýan hem-de gyzykly sahna çykyşlarynda «Halat geçdi», «Gelnaljy» ýaly dessurlar we beýlekiler ussatlyk bilen görkezildi.

Gelniň öýlenýän ýigidiň öýüne hakyky düýäniň üstünde ýerleşdirilen toý kejebesinde gelmegi tomaşaçylary haýran galdyrdy. Türkmenleriň ýaşaýyş-durmuşynyň ýörelgelerine mahsus bolan dessurlar dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Ýaşlaryň abadan durmuşyny «ýaman gözden» goramak üçin ýüzärligiň tütedilmegi şol dessurlaryň biridir. Halkymyzyň bu dessury biziň günlerimizde hem berjaý edilip, öz ähmiýetini ýitirmän gelýär.

Öýlenýän ýigidiň öýünde gelniň ellerini sary ýaga, ak una batyrmak dessury berjaý edilýär. Bu dessur bolsa öýde bolelinligiň, parahatçylygyň we agzybirligiň bolmagyny alamatlandyrmak bilen, gelne maşgala ojagyny aýawly saklamak barada edilýän arzuwdyr.

Gadymy däp-dessurlaryň many-mazmuny wagtyň geçmegi bilen döwrebaplaşdy, ýöne, şolary berjaý etmegiň ruhubelentlik äheňi saklanyp galdy.

Halk däp-dessurlarynda beýiklik duýulýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, däp-dessurlarda nesilleriň ruhy çeşmesi, ynsanyň ahlak güýjüne bolan çuňňur ynamyň pelsepesi, döredijilige we jebislige çagyryş öz beýanyny tapýar. Milli däp-dessurlar müňýyllyklardan gözbaş alyp, biziň günlerimize çenli ähmiýetini saklap geldi we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mahsus bolan ruhubelentlik ýagdaýyna eýe boldy.

Söwda-senagat edarasynyň zalynda şadyýan aýdym-sazly we joşgunly tansly hakyky uly türkmen toýy ýaýbaňlandyryldy. Öýlenýän ýigidiň we gelniň ýakynlary hem-de hossarlary bu sahnanyň hakykata has ýakyn bolmagy üçin ähli tagallalary etdiler. Dabarada beýemçileriň, aşpezleriň, çaýçylaryň, bagşy-sazandalaryň toýa taýýarlyk görýän pursatlary ussatlyk bilen beýan edildi. Bu ýere daşary ýurtly myhmanlar hem geldiler. Gadymdan bäri uly toýlarda geçirilýän göreş boýunça ýaryşlar bu dabara hem özboluşly öwüşgin çaýdy.

Toý ýurdumyzda ähli baýramçylyk dabaralarynda ýerine ýetirilýän we giňden meşhur bolan küştdepdi tansy bilen jemlendi. Onuň türkmenleriň baý folklor mirasynda aýratyn orun eýeleýändigi diňe bir bu tansyň gadymy kökleri bilen däl, eýsem, ilkinji nobatda, küştdepdiniň birleşdiriji güýji, ruhy kuwwaty bilen şertlendirilendir. Hut şoňa görä-de, bu tans häzirki döwürde hem halkymyzda uly meşhurlyga eýedir hem-de umumadamzat maddy däl mirasynyň bir bölegi hökmünde ykrar edildi.

...Täze ýyl gutlaglary ýaňlanýar, bagtyýar durmuş baradaky arzuwlar beýan edilýär. Dabara ählumumy baýramçylyk hem-de ruhubelentlik ýagdaýynda, häzirki bagtyýar döwre bagyşlanan aýdymyň ýerine ýetirilmegi bilen tamamlanýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugraýar.

Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralary has giň gerime eýe bolup, hemmelere şatlyk paýlaýar. Türkmenistan 2020-nji ýyly jebislikde, uly we agzybir maşgala bolup, iň gowy umyt-arzuwlar, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da artdyrjak täze üstünliklere taýýardygy bilen garşylaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň