Türkmenistanyň Prezidenti Baş arçanyň ýanyndaky dabaralara gatnaşdy

23:5826.12.2019
0
8600

Türkmenistanyň Prezidenti Agabatdaky ýurduň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralaryna baryp görüp, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan dabara gatnaşýan çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşdy.

Döwlet Baştutany şadyýan çagalaryň çykyşlaryna kanagatlanma we uly höwes bilen tomaşa etdi. Zehinli çagalar eziz Watanymyzyň hem-de jemgyýetimiziň hakyky buýsanjy we bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki zehinli mekdep okuwçylary ýakyn geljekde köp babatda durmuş we ykdysady ösüşiň many-mazmunyny hem-de depginini kesgitlär, ykdysadyýetde, dolandyryş ulgamynda, ylymda we sungatda esasy orunlary eýelär.

Şundan ugur alnyp, Türkmenistanda ösüp gelýän nesliň ukyp-başarnygynyň açylmagy üçin ähli şertler döredilýär. Yzygiderli geçirilýän köp sanly bäsleşikler, olimpiadalar, çagalaryň döredijiliginiň sergileri jemgyýetiň körpeleriň we ýetginjekleriň gazanýan üstünliklerine hem-de ýetýän belent sepgitlerine uly üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda çagalaryň bagtly geljegini üpjün etmek üçin zerur şertler döredildi. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmenistanlylaryň ýaş nesli döredijilik, aň-paýhas ukyplylygyny yzygiderli ösdürýär, sport bilen meşgullanýar. Çagalar abraýly bäsleşiklere we ýaryşlara gatnaşyp, ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýärler hem-de medallara we baýraklara mynasyp bolýarlar.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýa we BMG-niň eneligi we çagalygy goramaga gönükdirilen beýleki möhüm resminamalarynyň birnäçesine goşulmak bilen, dünýä bileleşigine öz üstüne alan borçnamalarynyň ählisine ygrarlydygyny görkezýär. Ýurdumyzda gurlan hem-de gurulýan, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen mekdepler we mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralary, sport hem-de bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ajaýyp Gökdere jülgesinde hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri göwnejaý dynç almak üçin ajaýyp şertlere eýedir.

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýany tassyklady. Bu strategiýanyň durmuşa geçirilmegi çagalaryň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi üçin mümkinçilikleri üpjün etmekde saldamly goşant bolar.

...Köpöwüşginli çykyşlar tamamlanandan soň, çagalar döwlet Baştutanymyzdan özleri bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmagyny haýyş edýärler.

Milli Liderimiz ýaş artistlere ajaýyp çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirip, dostlugy, parahatçylygy, ylalaşyklylygy, jebisligi hem-de rowaçlygy alamatlandyrýan arçanyň daşyndan aýlanmak çäresine goşulýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz çagalaryň ählisini Täze ýyl bilen gutlady we olara okuwda hem-de durmuşda uly üstünlikleri, gyşky dynç alyş günlerini göwnejaý geçirmeklerini, ähli isleg-arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw etdi. Şondan soňra, dabara gatnaşyjylaryň ählisine döwlet Baştutanymyzyň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.

Çagalaryň haýyşy boýunça milli Liderimiz çagalar bilen Baş arçanyň öňünde ýadygärlik surata düşýär.

Döwlet Baştutanymyz hemmelere ýene-de bir gezek Täze ýylyň bagtly ýyl bolmagyny arzuw edip, oglanlaryň we gyzlaryň iň gowy milli däpleri, ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerini mynasyp dowam etdirijiler bolup ýetişjekdigine hem-de hakyky watançylar boljakdygyna ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň