Ante Mişe: «Aşgabatda ýaşamak maňa ýaraýar»

18:2226.12.2019
0
14473

Horwatiýada ýylyň oýunçysy saýlamak dabarasynda ýerli neşirleriň birine ― «Weçerni» neşirine interwýu beren Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ante Mişe Türkmenistandaky ýaşaýyşy barada aýtdy:

― Türkmenistanda, beýleki, Merkezi Aziýa döwletinde bolşy ýaly, sportuň başa-baş göreş görnüşleri has ösen. Haçanda milli ýygyndy gowy netijeleri görkezip başlanda, raýatlaryň futbola bolan gyzyklanmasy hem has artýar. Kömekçim Sandro Tomiç bilen, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem ýardam bermeginde, ýerli raýatlarda şol gyzyklanmany has artdyrmaga çalyşýarys. Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Aşgabatda geçirilýän duşuşyklarymyz 30 müň adamlyk stadionda oýnalýar. Her duşuşykda hem stadion janköýerlerden dolýar ― diýip, horwatiýaly tälimçi türkmen janköýerleriniň futbola bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny nygtady.

― Türkmenistanda ― Aşgabatda özümi edil öýde, hamana, Ýewropada ýaly duýýaryn. Ýaşaýyşymyzda ähli zat ýerbe-ýer, şäher owadan, adamlar sylaşykly, köçeler tämiz, olaryň gyralary ýap-ýaşyl. Şäher bolsa tutuş mermerden gurlan. Göz öňüne getiriň: men, hamana, jennetiň bir künjeginde ýaşaýaryn.

Ýeri gelende aýtsak, horwatiýaly hünärmen Türkmenistanyň futbol ýygyndysyna şu ýylyň mart aýyndan bäri tälim berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň