«Gumdagnebit» ýylyň 11 aýynda 221 müň tonna «gara altyny» gazyp aldy

18:1626.12.2019
0
1153

«Türkmennebit» döwlet konserniniň iň baýry ýataklarynda iş alyp barýan «Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri ýylyň geçen hasabat döwrüni üstünlikli jemlediler. Bu ýerde ýanwar — noýabr aýlarynda döwlete tabşyrylan «gara altynyň» umumy möçberi 221,4 müň tonna barabar boldy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Munuň özi nebit tabşyrmak babatda şu ýyl üçin 211 müň 215 tonna möçberinde bellenilen meýilnamanyň möhletinden öň artygy bilen berjaý edilendigini aňladýar. Gumdagly «gara altyn» ussatlary şu ýyl döwlete tabşyryljak bu gymmatly çig malyň umumy möçberini 240 müň tonnadan hem geçirmegi maksat edinýärler.

Kuwwatly desgalardyr enjamlara erk edýän müdirligiň hünärmenleriniň irginsiz tagallasy bilen önüm berýän guýulara tehniki hyzmat öz wagtynda we döwrebap ýola goýulýar. Bu bolsa kärhanada bellenilen meýilnamalara artygy bilen amal edilmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň