Soňky habarlar

Arhiw

Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze mekdebiň gurluşygy dowam edýär

18:1426.12.2019
0
1079

Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň çäginde bina edilýän täze, döwrebap obada orta mekdebiň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň depginine we hiline aýratyn ähmiýet berilýär. Iki gatdan ybarat boljak bilim ojagynda ähli derslere we gurnaklara niýetlenen otaglary, sport zallarydyr meýdançalary ýokary derejede enjamlaşdyrmak göz öňüne tutulýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Täze mekdebiň gurluşygynyň tamamlanmagy ýanaşyk gurulýan döwrebap çagalar bagy bilen sazlaşygy emele getirer. Welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda bina edilýän desganyň gurluşygyny bellenilen möhletde tamamlamak üçin ezber elli gurluşykçy hünärmenler yhlasyny gaýgyrmaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň