Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Azmun we Eldor Şomurodow «Fox Sport Asianyň» ses berlişiginde «Aziýada ýylyň futbolçysyna» dalaşgär görkezildi

23:3525.12.2019
0
5164

Sankt-Peterburgyň «Zenit» futbol klubynyň hüjümçisi, eýranly türkmen Serdar Azmun ýylyň jemleri boýunça Aziýanyň iň gowy oýunçysy üçin berilýän ses berlişige goşuldy. 24 futbolçylyk sanawda «Rostowyň» özbegistanly hüjümçisi Eldor Şomurodow hem bar.

«Fox Sport Asia» internet-neşiri tarapyndan geçirilýän ses berlişikde «Liwerpula» ýakynda goşulan ýaponiýaly Takumi Minimano, «Tottenhemiň» we Koreýa Respublikasynyň hüjümçisi Son Hyn Min we «Guançžou Ewergrandyň» braziliýaly ýarym goragçysy Paulinýo hem bar.

Ses berlişige yklymyň meşhur sport žurnalistleri gatnaşýarlar. Bu ses berlişik AFK-nyňkydan aýrydyr. Mälim bolşy ýaly, AFK tarapyndan geçirilen ses berlişikde 27 ýaşly hüjümçi Son Hyn Min ýylyň iň gowy aziýaly futbolçysy diýlip yglan edilipdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň