Soňky habarlar

Arhiw

«Istiklolyň» ýarym goragçysy Alişer Jalilow Täjigistanda ýylyň futbolçysy boldy

22:1925.12.2019
0
3006

Duşenbe şäheriniň «Istiklol» futbol klubynyň 26 ýaşly ýarym goragçysy Alişer Jalilow Täjigistanda «Ýylyň futbolçysy» diýlip yglan edildi. Bu barada Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Bu ada Jalilowyň topardaşy Rustam Ýatimow bilen «Hujandyň» ozalky kapitany, häzir bolsa Bangladeşiň «Saif Sporting Klub» toparynda çykyş edýän Jahongir Ergaşew hem dalaş etdi. Baýrak bolsa 26 ýaşly ýarym goragça gowşuryldy.

Alişer Jalilow Duşenbe şäheriniň golaýyndaky Latahorak obasynda doguldy. Paýtagtyň «Almasy» toparynda türgenleşip başlan futbolçy, 2004-nji ýylda Moskwanyň «Lokomotiwiniň» sport mekdebine gitdi. 2009-njy ýylda Kazanyň «Rubininiň» ýaşlar düzümine goşuldy. Ol Russiýada «Baltika», «Rubin ― 2», «Nefthimik» ýaly toparlaryň köýnekçesini geýdi. 2019-njy ýylda bolsa «Istiklolyň» düzümine goşuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň