26-27-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Uly Täze ýyl konsertini berýär

21:4625.12.2019
0
5394
26-27-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Uly Täze ýyl konsertini berýär

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 26-27-nji dekabr günlerinde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Täze ýyl baýramy mynasybetli Uly konsert bilen çykyş edýär. Orkestre Resul Gylyjow ýolbaşçylyk edýär.

Konsertler iki gün hem Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler. Olar agşam sagat 18:00-da başlanar. Bu konsertler size Täze ýylyň bosagasynda aýdym-saz dünýäsiniň jadysyna ýugrulmagyňyza ýardam berer.

Gyzyklanýan ildeşlerimiz üçin telefon belgileri: 22-38-98, 51-41-57, +993 63 46-71-77, +993 64 03-74-56.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň