Soňky habarlar

Arhiw

Baş drama teatry fantastiki sazly Täze ýyl sahnasyny taýýarlady

17:4825.12.2019
0
1459

Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda «Robotjyk atly kümüşsow syçanyň Täze ýyl gijesi dünýä syýahaty» atly fentezi-mýuzikl sahnalaşdyryldy ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Eserde 2020-nji ýyl Gündogar täleýnamasyna laýyklykda ak syçan ýyly, türkmen çagalarynyň ýanyna ýetmek üçin spektaklyň baş gahrymany – kreatiw, oňyn pikirli, mehaniki syçanjyk dünýä ýüzüne uzak we gyzykly, üstesine-de aýdym-sazly syýahat etmeli bolýar.

Ol ýolda tansa ökde we hoş owazly zehinli dostlarynyň ençemesine gabat gelýär. Syçanjyk Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gelenden ady belli Barbi gurjagyny gözläp tapýar. Soňra oňa Latyn amerikaly aýdymçy Şakira gabat gelýär. Şakira hem özüniň meşhur aýdymlarynyň birini aýdýar...

Syýahat döwri syçanjyk şadyýan iki masgarabaza, tow berilýän gurjaga we gurjak oýnadyja, iki bolup bir gyza aşyk bolan hindi ýigitlerine, hat-da Hytaýda Täze ýyl dabarasynda tans oýnaýan aždarha hem duş gelýär... 

«Robotjyk atly kümüşsow syçanyň Täze ýyl gijesi dünýä syýahaty» spektakly Aýaz bababdyr Garpamygyň hem-de täze ýyl diskotekasyna gatnaşmak üçin oturan ýetinden turup, sahna çykan oglanjyklardyr gyzjagazlaryň gatnaşmagynda tans oýny bilen jemlenýär. 

― Biz näme üçin ýaşajyk tomaşaçylara Täze ýyl mýuziklini hödürledik? Sebäbi häzirki çagalaryň estetiki isleglerine mynasyp jogap berjek bolduk – diýip dramaturg we režisýor, Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow täze sahna oýnunyň ýordumyny gürrüň berende aýtdy. ― Biz sanly tehnologiýalar eýýamynda döwrebap gajetleri ulanýan nesli joşgunly we depginli, wizual tilsimleri, üýtgeşik lybaslary hem-de bir geňsi saz bezegi, keşpleriň özboluşlulygy bilen tapawutlanýan hekaýat arkaly özüňe çekip bolar diýip pikir etdik. Şonuň üçinem biziň mehaniki syçanjygymyz hoşgylawlygydyr ugur tapyjylygyndan başga-da, köp ugurdan zehinli elektron enjamdyr.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, oýun goýujy nakgaş Maksat Amangulyýew spektaklyň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek we täze ýyl ertekisiniň ýordumyna wizual tilsimleri hem-de sahna bezegi täzeçillikleri sazlaşykly ornaşdyrmak üçin azap çekmeli boldy. Serdar Ataýew bilen Magtymguly Saparow joşgunly sazlary tapdylar. Taisiýa Ataýewa breýk-dansyň elementleri bolan üýtgeşik tanslaryň awtorydyr.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Bagtyýar Dolyýew wokal we tans ussatlygyny görkezip, syçanjygyň keşbini şowly ýerine ýetirdi. Ýeri gelende, spektaklda onuň institutdaky ýoldaşlarynyň ýene altysynyň çykyş edýändigini aýtmak gerek.

Ýaşajyk tomaşaçylar Täze ýyl aýdym-sazly şowhuna ýürekden seslenip, ertekilerdäki wakalary hakykydyr öýdüp sahna çykdylar we täsin tomaşanyň gahrymanlary boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň