Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Nejep oglan» atly täze filmiň ilkinji görkezilişi boldy

12:5525.12.2019
0
1633

Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda «Nejep oglan» filminiň premýerasyna — ilkinji görkezilişi boldy. Türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolan dutar, ýaşaýşynyň owal-ahyr hemrasy bolup gelen aýdym-saz sungaty hakyndaky bu film Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan, Wepa Işangulyýewiň režissýorlyk etmeginde surata düşürilipdir ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

«Nejep oglan» atly türkmen halk dessanynyň esasynda döredilen filmiň edebi esasyny Türkmenistanyň halk ýazyjysy, dramaturg Gowşutgeldi Daňatarow ýazypdyr. Filmde baş gahryman Nejebiň keşbini Türkmenistanyň halk bagşysy, meşhur sazanda Mylly Täçmyradowyň ýuwlugy Söhbet Annamyradow janlandyrypdyr. Onuň öweý kakasy, han bagşysy Elbentden ogrynça dutar çalyp, munuň üçinem ondan ezýet ýamanyny görýän ýetim oglanjyk döwründäki keşbini bolsa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 6-njy synp okuwçysy Mekan Amanow ýerine ýetiripdir. Filmde ýeserjäniň keşbini ýaş artist Didar kowusow, Nejebiň ejesi Sonanyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Baýramtäç Hojamämmedowa, Mylaýymyň keşbini Mähri Aýdogdyýewa, Horezm hanynyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Şirli Mollaýew, dutardan sapak berýän ussadyň keşbini Salyh Baýramow, Derwüşiň hem-de Nejebiň ilkinji halypasy Kerem aganyň keşplerini-de Türkmenistanyň halk artisti Çary Seýitliýew ýerine ýetiripdir. Nejebiň telim ýyl şägirt bolup, ak pata alan ussady, aýdym-saz sungatynyň piri Aşyk Aýdyň piriň keşbini bolsa Türkmenistanyň halk artisti Orazgeldi Amangeldiýew janlandyrypdyr.

Film Aşyk Aýdyň piriň mekanynda, gadymy Köneürgençde, türkmen tebigatynyň iň owadan ýerleri bolan Köýtendagdyr Köpetdagyň derelerinde, gadymy Nohur obasynda surata düşürildi.

Täze film Täze ýylyň bosagasynda sungat ussatlarynyň halkymyza eden özboluşly baýramçylyk sowgadydyr. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň