Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet sirkinde baýramçylyk görkezilişi boldy

12:2525.12.2019
0
1219

Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň ezber artistleri hem baýramçylyga bagyşlap, şüweleňli çykyşlaryň meýilnamasyny taýýarladylar. Şoňa laýyklykda, golaýda sirk artistleriniň baýramçylyk çykyşlarynyň nobatdaky görkezilişi boldy. Sirk toparynyň baýramçylyk maksatnamasy dürli çykyşlary öz içine aldy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Olar sazly çykyşlar, howada akrobatika, ekwilibristika we žonglirleme, masgarabazlaryň hem-de dört aýakly «artistleriň» — enaýy güjükleriň, geçileriň, düýeleriň gatnaşmagynda baş öwretme çykyşlaryndan ybarat boldy.

Zehinli artistleriň dürli haýwanlaryň gatnaşmagynda taýýarlan çykyşlary tomaşaçylara baýramçylyk ruhubelentligini paýlady.

Şowhunly çykyşlaryň dowamynda eldekileşdirilen itleriň çykyşlary tomaşaçylarda, esasan hem körpelerde has täsir galdyrdy. Itlerden başga-da, geçileriň, düýeleriň we beýleki haýwanlaryň çykyşlary hem özüniň gyzyklylygy bilen tapawutlandy.

Howa gimnastlarynyň howada ýerine ýetirýän dürli oýunlary, bir-birinden çylşyrymly hereketleridir tilsimleri tomaşaçylary özüne çekse, žonglýorlaryň çalasynlyk bilen ýerine ýetirýän inçe tilsimleri bu ýere ýygnananlary haýran galdyrdy.

Sirk tomaşasynyň dowamynda şadyýan masgarabazlaryň we gözbagçylaryň çykyşlary hem görkezildi. Milli sirk oýunlar toparynyň akrobat oglanlarynyň çykyşlary, olaryň çalasynlyk bilen ýerine ýetirýän tärleri tomaşaçylary özüne çekdi.

Ussatlygy we çakganlygy bilen haýran galdyrýan jigitleriň çykyşlary, hemişe bolşy ýaly, çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Şoňa görä-de, türkmen ýigitleriniň, dünýä belli ahalteke bedewleriniň “Galkynyş” hem-de “Türkmen jigitleri” toparlarynyň ajaýyp çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.

Baýramçylyk tomaşasynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sowgat eden Ruhubelent atly bedewiň özüne berilýän görkezmeleri takyk we yzygiderli ýerine ýetirmegi bu ýere ýygnananlara ýatda galyjy duýgulary bagyş etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň