Arhiw

«Ussat peder ýörelgesi» hususy kärhanasy Türkmenabat we Aşgabat şäherlerinde köpgatly jaýlaryň 15-sini, kottejleriň 34-sini gurýar

11:3825.12.2019
0
3694

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ussat peder ýörelgesi» hususy kärhanasy Türkmenabat we Aşgabat şäherinde iri gurluşyklaryň birnäçesini alyp barýar. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Gazetiň birinji sahypasynda ýerleşdirilen habarda hem aýdylyşy ýaly, bu hususy kärhananyň gurluşykçylary häzirki wagtda Türkmenabat şäherinde dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 15-siniň we iki gatly kottejleriň 10-synyň gurluşygyny alyp barýar. Başarjaň işewür Merdan Gaýypowyň ýolbaşçylygyndaky hususy kärhana Aşgabat şäherinde hem iki gatly kottejleriň 24-sini gurýar.

«Häzir bu gurluşyklaryň aglabasynda işler tamamlaýjy tapgyrda barýar» diýip neşiriň habarynda aýdylýar.

Türkmenabat şäherindäki iri gurluşyklar Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda dowam edýär. 2018-nji ýylda bu ýoluň ugrundaky dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 22-si ulanylmaga berildi. Tamamlanyp barýan ýylda bolsa 40 sany täze köpgatly jaýyň düýbi tutuldy. Häzir bu ýoluň ugrunda gurluşyk işleri güýçli depginde dowam edýär. Olaryň aglabasynyň potratçylary hususy taraplardyr.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň