Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesine bagyşlanan döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

11:0225.12.2019
0
1023

Türk­me­nis­ta­nyň Şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty mu­ze­ýin­de ýur­du­my­zyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­giniň we Türk­me­nis­ta­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýasy­nyň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da çe­per­çi­lik hü­när ugur­ly or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­dyr mu­gal­lym­la­ry­nyň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz ed­ýän pla­kat iş­le­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça «Ah­lak gö­zel­li­gi — ro­waç­ly­gyň gö­nez­li­gi» ady bi­len ge­çi­ri­len dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle-de Türkmenistanda 2018 — 2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsirleriniň öňüni almak boýunça milli maksatnamany amala aşyrmagyň çäklerinde geçirilen bäsleşige gatnaşýan mugallymlardyr talyp ýaşlar zyýanly endikleri ýazgarýan sungat işleriniň birnäçesini hödürlediler. Bu işleriň her birini synlanyň­da sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giň­den wagyz edilýändigine göz ýetirýärsiň. Olarda dürli pursatlaryň üsti bilen ýazgarylýan ýaramaz endiklere derek bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak ündelýär.

Bäsleşigiň eminleriniň gelen netijesine laýyklykda, Mary welaýatynyň Ýolöten etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Akmyrat Rozyýew birinji, Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Alymjan Işankulyýew ikinji, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Muazzam Amanowa üçünji orunlara mynasyp boldular. Talyp ýaşlaryň arasynda Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyby Gülnara Kerimowa bilen Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Mahym Hajygurbanowa birinji, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyby Suraý Gaýypowa bilen Balkan welaýat sungat mekdebiniň talyby Meretsoltan Saparowa ikinji, şeýle hem Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyplary Göwher Çerkezowa bilen Göwher Paltaýewa üçünji orunlara, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyby Mahym Atakowa, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Nurşat Hakkyýewa, Daşoguz welaýatynyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyby Altyn Allakulyýewa dagy bolsa höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular.

Döredijilik bäsleşiginiň ýe­ňijilerine, şeýle hem bäsleşige işjeň gatnaşanlara Diplomlardyr sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň