Soňky habarlar

Arhiw

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda «Rowaç» atly täze oba açyldy

23:5824.12.2019
0
11921

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow Serdar etrabynyň «Arkaç» geňeşliginiň çäginde gurlan täze, döwrebap Rowaç atly obanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy ― diýip, TDH habar berýär.

Täze obada üç we dört otagly kaşaň jaýlaryň jemi 268-si guruldy. Jaýlaryň gurluşygynda oba durmuşynyň aýratynlyklary hem-de türkmen maşgalasynyň ýaşaýyş-durmuşynyň özboluşly däpleri göz öňünde tutuldy. Bu ýerde mellek ýerleri, mal saklamak üçin ýataklar, bassyrma hem bar.

Bu ýerde gurlan, iň täze ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilen Saglyk öýi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň hem-de maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Täze açylan çagalar bagy körpeleriň 160-syna niýetlenendir.

Gapylaryny giňden açan, 320 okuwça niýetlenen mekdep binasy oba ilatynyň buýsanjyna öwrüldi. Bu binada hem ösüp gelýän nesliň döwrüň talabyna laýyk ýokary hilli döwrebap bilim almagy, ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredildi.

Mundan başga-da, täze obanyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp Medeniýet öýi guruldy. Medeniýet öýünde tomaşaçylar zaly we dürli dabaralary hem-de baýramçylyklary geçirmek, kitap okamak hem-de döwürleýin metbugat bilen tanyşmak, aýdym-saz we tans bilen meşgullanmak üçin niýetlenen we ýörite enjamlar bilen üpjün edilen otaglar, dürli gurnaklara niýetlenen otaglar ýerleşýär.

Täze obada gurlan Söwda merkezinde alyjylara harytlaryň dürli görnüşleri hödürlenilýär.

Obadaky Hyzmatlar öýi hem şäherdäki şeýle desgalardan birjik-de pes durmaýar. Mundan başga-da, Geňeşligiň binasy, 360 belgä niýetlenen awtomat-telefon stansiýaly aragatnaşyk bölümi, azyk harytlary dükany, güýjenmesi 35 KWt bolan elektrik podstansiýasy, kuwwaty gije-gündizde 1000 kub metr suwa barabar bolan suw arassalaýjy desga guruldy. Şeýle hem obada metjit bina edildi.

«Balkangurluşyk» önümçilik birleşiginiň ýerli bölümleri bu desgalaryň gurluşygynyň potratçylary bolup çykyş etdiler. Bu möhüm durmuş ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge «Balkannebitgazgurluşyk» kärhanasy we «Bagtyýar ýaşlar», şeýle-de «Sarydaş» hususy gurluşyk kärhanalary hem gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň