Täze ýylda Aşgabatda bolsaňyz...

17:2524.12.2019
0
14771

Täze ýyl baýramçylygyna çenli bir hepde çemesi wagt galdy, onuň jadyly dünýäsine siňmegi bolsa eýýämden isleýäris. «Turkmenportal» öz okyjylary üçin Aşgabatdaky esasy Täze ýyl dabaralarynyň nirelerde geçiriljekdigini öwrendi. Şol maglumatlary okyjylarymyz bilen hem paýlaşýarys.

26-njy dekabr

26 ― 29-njy dekabr günlerinde Aşyr dädäniň, Aýaz babanyň we Garpamygyň gatnaşmagynda «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde çagalar üçin baýramçylyk dabarasy bolar. Her gün 16:00-da başlanjak dabaranyň giriş petekleriniň bahasy 15 manatdyr. Habarlaşmak üçin: 92 18 65 telefon belgisine jaň etmeli.
18:00-da «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde Türkmneistanyň at gazanan artisti Guwanç Ýazmämmedowyň we aýdymçy Eldar Ahmedowyň konserti başlar. Habarlaşmak üçin telefon belgisi:  49 26 58
Sagat 18:00-da Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfonki orkestriniň uly baýramçylyk konserti başlanar. Petekler üçin 48 96 83 (84) belgili telefonlara ýüz tutmaly.

27-nji dekabr

Mukamlar köşgünde bolan 26-njy dekabrdaky konserte baryp bilmediklere 27-nji dekabrda hem mümkinçilik bar. Konsert bu gün hem sagat 18:00-da başlaýar. Habarlaşmak üçin telefon belgisi ýatladýarys: 48 96 83 (84)
27 ― 30-njy dekabr aralygynda Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda her gün «Täze ýyl degişmeleri» atly tomaşa görkezilýär. Bu gyzykly tomaşalar her gün sagat 19:00-da başlanar.

28-nji dekabr

28 ― 29-njy dekabr günlerinde «Watan» kinokonsert merkezinde «Mandragora» teatr studiýasynyň «Tokaý şasy we Barmaleý» atly Täze ýyl ertekisi ilkinji gezek görkeziler. Erteki, elbetde, çagalara niýetlenen, ýöne bu tomaşada ulularyň hem içiniň gysmajakdygyna ynandyrýarys. Täze sahna eseri 28-nji dekabrda 12:00-da, 29-njy dekabrda 16:00-da başlanar. Petekler üçin telefon belgisi: 92 18 65
«Bagtyýarlyk» söwda merkezinde sagat 13:00-da we 19:00-da ýylyň jemleýji  ýarmarkasy geçiriler. Size bu ýerde ynanylmajak arzanlaşyklar we Täze ýyl sowgatlary garaşýar. Ýarmarkanyň çäginde sagat 17:00 – 18:00 aralygynda çagalar üçin gyzykly dabara garaşýar.
Nebitgaz toplumynyň medeniýet merkezinde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri tarapyndan «Şelkunçik» atly täze ýyl ertekisi görkeziler. Rus dilinde Wasiliý Andronow tarapyndan okaljak erteki sagat 18:00da başlar.
Aşgabatdaky Köpugurly sport toplumynda estrada ýyldyzlary Dilber Rahmanowanyň, Annaguly Myratdurdyýewiň, Eldar Ahmedowyň, Guwanç Ýazmämmedowyň, Züleýha Kakaýewanyň we Begenç Çaryýewiň konserti bolar. Baýramçylyk konserti sagat 18-de başlanar.
Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda «Ependi we gülkünç goňşy» atly komediýa görkeziler. Sahna eseri sagat 19:00-da başlanar.
A.S.Puşkin adyndaky rus drama teatrynda «Mejbury tebip bolan» atly komediýa görkeziler. Eser 19:00-da başlanar.

29-njy dekabr

Sagat 18:00-da Aşgabatdaky Köpugurly sport toplumynda Sahydursun Hojakowanyň, Rahman Hudaýberdiýewiň, Söhbet Kasymowyň, Nurýagdy Rejebowyň we Begmyrat Annamyradowyň konserti başlar.
Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda görkeziljek «Aýdym-sazly gülki agşamy» sagat 19:00-da başlanar. 

30-njy dekabr

Aşgabadyň Köpugurly sport toplumynda aýdymçylar Gülşat Gurdowanyň, Parahat Amandurdyýewiň, Azat Dönmezowyň, Durdy Durdyýewiň we Ahmet Atajanowyň konserti bolar. Konsert 18:00-da başlanar. Habarlaşmak üçin: 21 26 74, 21 28 41

31-nji dekabr

Hemmelere «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki Baş arçanyň ýanynda baýramçylyk dabarasy garaşýar. Agşam sagat 18:00-da sungat ussatlarynyň konserti başlar. 21-den 23-e çenli Aşgabatdan welaýatlaryň arasynda teleköpri gurnalar. Täze ýylyň ilkinji sekuntlarynda baýramçylyk asmanyny müň bir öwüşginli feýerwerkler bezär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň