Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

23:4723.12.2019
0
4359

«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy žurnalynyň ýene bir täze sany çapdan çykdy. Onda okyjylara belli türkmen alymlarynyň, şeýle hem ýaş hünärmenleriň ylmy, syn-seljerme hem-de maglumat, aň-bilim häsiýetli makalalary hödürlenilýär, olar binagärlik-şähergurluşyk işleriniň möhüm meselelerine bagyşlanýar ― diýip, TDH habar berýär.

Žurnalyň bu sany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününi döretmek hakyndaky Permany bilen açylýar, oňa milletiň Lideri Ministrler Kabinetiniň 2019-njy ýylyň 30-njy awgustynda geçirilen nobatdaky mejlisinde gol çekdi.

Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça zawodyň dabaraly açylyşyna bagyşlanan makala žurnalyň şu gezekki sanynyň esasy temalarynyň biri boldy. «Sergi» bölüminde «Türkmengurluşyk — 2019» halkara sergä hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahata bagyşlanan makala çap edilýär. Şeýle hem, bu bölümde «Bauhauzyň ýüz ýyllygy mynasybetli Germaniýanyň we Türkmenistanyň arasynda gurluşyk medeniýeti ulgamynda tejribe alyşmak» atly birinji bilelikdäki binagärlik sergisi hakynda makala ýerleşdirilýär.

«Akylly şäher» ulgamyny döretmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanan makala hem okyjylarda gyzyklanma döreder. «Ylym» bölüminde ýerleşdirilen «Gurluşykda gidrogeologiýa we seýsmiki şertleriň özara baglanyşygy» atly makalada seýsmiki işjeňlik derejesiniň geologiýa-tektoniki gurluşyň, inžener-geologiýa şertleriň aýratynlyklaryna, tehnogen hadysalaryň işjeňligine, şeýle hem ýerasty suwlaryň derejesine baglydygyna seljerme berilýär.

Makalalaryň birnäçesi ýurdumyzyň senagat kärhanalarynyň iş aýratynlyklaryna, hususan-da, Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda bitum serişdeleriniň peýdalanylyşyna bagyşlanypdyr.

«Döredijilik» bölüminde çeper binagärlik keşbi döretmegiň sungatyna bagyşlanan makala ýerleşdirilýär. Makala häzirki zaman türkmen binagärleriniň ussahanalarynda işlenip taýýarlanylan jemgyýetçilik binalarynyň we desgalaryň dizaýn-taslamalary bilen bezelipdir.

Umuman, türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen žurnalda çap edilen makalalar giň okyjylar köpçüligi üçin hem, bilermenler üçin hem, gurluşyk pudagynda iş tejribeliklerini geçýän ýaş hünärmenler, şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, sosiologlar we sungaty öwrenijiler üçin hem gyzyklydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň