Soňky habarlar

Arhiw

Astrahanda türkmen dili we medeniýeti boýunça merkez açyldy

19:4523.12.2019
0
6728

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde türkmen dili we medeniýeti boýunça merkez işe girişdi. Bu merkez türkmenistanly Resul Şajyýewiň ýolbaşçylygynda açyldy.

Täze merkez Astrahan döwlet uniwersitetiniň binýadynda hereket edýär diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Merkezi esasy maksady türkmen halkynyň taryhy gymmatlyklaryny, edebiýatyny we halk döredijiligini Russiýada wagyz etmekden ybaratdyr. Astrahan oblasty bolsa Russiýada türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan esasy ýerleriniň biri boldy.

Oblastyň türkmen obalarynyň birinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen orta mekdebiň gurlup, oňa Magtymguly Pyragynyň adynyň dakylandygyny hem ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň