Arhiw

Kerki şäherindäki howa menziliniň gurluşygy dowam edýär

12:1423.12.2019
0
2038

«Gündogdy» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary Kerki şäheriniň günbatar tarapynda täze howa menziliniň gurluşygyny gyzgalaňly alyp barýarlar. Her sagatda 100 ýolagça hyzmat etjek we 2021-nji ýylda açylyp, ulanylmaga beriljek howa menziliniň gurluşygynda işçidir hünärmenleriň 300-e golaýy, dürli görnüşli tehnikalaryň 80-e golaýy iki iş çalşygynda işledilýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Esasy güýjüň uçuş-gonuş zolagyna gönükdirilmegi bilen, umumy uzynlygy 2700 metre, ini 60 metre ýetýän uçuş-gonuş zolagyndaky işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Germaniýada öndürilen KARGO kysymly beton düşeýji maşynyň ýokary iş öndürijiligi her sagatda 80 — 100 metr aralyga 40 santimetr galyňlykda we 7,5 metr giňlikde beton düşemäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin bu ýerde beton öndürýän zawodlaryň 3-si gurlupdyr. Olaryň öndüren betonlaryny ýük ulaglaryň 12-si daşap dur. Ýüküni özi düşürýän kuwwatly ulaglaryň her biri günde 250 — 300 kub metr betony KARGO beton düşeýji maşynynyň öňüne düşürýär. Netijede, jemi dört gatlakdan durýan we 120 santimetr galyňlykdaky uçuş-gonuş zolagy günsaýyn uzap barýar.

— Bu ýerde ýerine ýetirilýän işler biri-biri bilen berk baglanyşykda, sazlaşykly alnyp barylýar. Şu güne çenli eýýäm biz uçuş-gonuş zolagynyň aşagyna daş, toprak düşemek işlerini doly tamamladyk. Howa menziliniň daşyna haýat, germew aýlamak işleriniň 83 göterimini ýerine ýetirdik. Uçarlaryň terminala barýan we ol ýerden ýolagçylary alyp, uçuş zolagyna ugraýan aýlaw ýodalary taýýar edildi. Indiki wezipe jemi 1730 inedördül metr meýdanda ýerleşýän ýolagçylar terminalyny gurmakdan ybarat. Milli öwüşginler bilen bezeljek bu binalar toplumynyň içinde uçuşa garaşylýan 120 orunlyk zal, dermanhana, dükanlar, kafeteriý, «Tiz kömek» gullugy, kassa we beýleki zerur bolan hyzmatlar üçin binalar bolar. Beton zawodlarymyzyň üçüsi-de doly güýjünde işläp, bu binalaryda gysga möhletde ýokary hilli edip gurmaga mümkinçilik berer — diýip, gurluşykgurnama meýdançasynyň başlygy Hudaýnazar Gurbanow gürrüň berýär.

«Türkmendaşlary» önümçilik birleşiginiň Köýtendag etrabyndaky Künjek çagyl-kän müdirligi bu desgany daş we çagyl önümleri bilen üpjün edýän esasy kärhanadyr. Ol ýerden gurluşyga demir ýol arkaly getirilýän daş we çagyl önümleriniň eýýäm ýeterlik möçberi toplanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň