Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmen Şöhle” kompaniýasy plasmas önümleriniň eksportyny artdyrýar

19:5322.12.2019
0
2934

2019-njy ýylyň soňky ýarymýyllygynyň dowamynda Aşgabat şäher gümrükhanasynyň iş çäginde plasmassadan ýasalan önümleriň eksportynyň möçberi yzygiderli artýar. Bular plasmassadan bedre, gül gorşoklary, legen, sebet ýaly önümlerdir. Bu önümleriň eksporty, esasan, “Türkmen Şöhle” Hojalyk Jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Olaryň köp bölegi Belarussiýa, Özbegistana we Gyrgyzystana eksport edilýär.  

Haryt dolanyşygynyň möçberi islendik döwletiň ykdysady ösüşiniň möhüm görkezijileriniň biridir. Häzirki wagtda Türkmenistanda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň netijesinde ýurtda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalaryň döredilmegi bilen sarp edilýän harytlaryň öndürilişi, şol bir wagtda bu harytlaryň daşary ýurtlara çykarylýan möçberleri hem yzygiderli artmak bilen.

Türkmen telekeçileri içerki bazary zerur harytlar bilen üpjün etmek bilen bir hatarda, önümleriň täze eksport ugurlaryny hem yzygiderli özleşdirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň