Soňky habarlar

Arhiw

EXPO ― 2025-iň geçiriljek wagty belli boldy

16:4722.12.2019
0
7961

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek EXPO ― 2025-iň ýylyň haýsy wagt aralygynda geçiriljekdigi belli boldy: bütindünýä sergisi 2025-nji ýylyň 13-nji apreli ― 13-nji oktýabry aralygynda geçiriler. Sergi Osaka aýlagyndaky Ýumesima adasynda geçiriler.

Bütindünýä sergisiniň binalaryny gurmak üçin 125 milliard ien (1,1 milliard dollar) serişde göz öňünde tutulýar. Osaka şäheri EXPO sergisini 1970-nji ýylda hem kabul edipdi.

EXPO ― 2020 sergisiniň indiki ýylyň 20-nji oktýabryndan 2021-nji ýylyň 10-njy apreline çenli Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljekdigini ýatladýarys. Bu sergide Türkmenistanyň hem bölümi bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň