Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy «Futsal Week Winter Cupda» dördünji orny eýeledi

23:5021.12.2019
0
13517

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy 16 ― 21-nji dekabr aralygynda Horwatiýada geçirilen «Futsal Week Winter Cup» halkara ýaryşyny dördünji orunda tamamlady.

Ýaryşa bäş döwletiň ýygyndysy gatnaşdy. Birinji orny Bosnýa we Gersegowinanyň, ikinji orny Çernogoriýanyň, üçünji orny bolsa Hytaýyň ýygyndysy eýeledi. Birinji orun Bosnýa we Gersegowinanyň hem-de Çernogoriýanyň özara duşuşygynyň netijesinde belli boldy. Duşuşyk ýygyndylaryň birinjisiniň 3:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Mülkaman Annagulyýew 8 pökgi bilen ýaryşyň iň netijeli oýunçysy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň