Arhiw

Türkmenistanda öndürilen doňdurmalar Hytaýa eksport ediler

21:1821.12.2019
0
25669

«Täze Aý» kompaniýasy öz öndürýän doňdurmasyny Hytaý Halk Respublikasyna eksport edýär. Ilki bu sowuk tagamyň synag tapgyry iberildi. Şu ýylyň ahyrynda bolsa maryly telekeçiler 110 tonnadan gowrak gaýmakly doňdurma ugratmaga tabşyryk aldylar ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär. 

Doňdurmaly konteýnerler eýýäm Çžeszýan welaýatynyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Ninbo port şäherine eltildi. Bäş milion adamly bu şäheriň ilaty Türkmenistandan gelen gaýmakly plombiriň tagamyna mynasyp baha berdiler. Gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, indiki ýylyň ýanwar aýyndan başlap, «Täze Aýyň» doňdurmalarynyň onlarça tonnasy yzygiderli eksport ediler. 

2004-nji ýylda döredilen «Täze Aý» önümçilik birleşigi ýurdumyzda süýt we süýji-köke önümlerini, etli tagamlary, şeýle hem doňdurma öndüriji kärhana hökmünde meşhurdyr. Onuň önümlerine alyjylar uly isleg bildirýärler, olar kompaniýanyň ýurdumyzyň sebitleriniň ählisinde ýerleşýän ýöriteleşdirilen dükanlarynda satylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň