«Täze balyk» hususy kärhanasy maýda balyklaryň 6,5 tonnasyny Hanhowuz suw howdanyna goýberdi

18:0421.12.2019
0
3120

Türkmenistanyň balykçylyk pudagynyň işewür telekeçileriň ygtyýaryna berilmegi özüniň oňyn netijelerini berýär. Muny Mary welaýatyndaky «Täze balyk» hususy kärhanasynyň işewür telekeçileriniň asylly işleriniň mysalynda-da görmek bolýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Häzirki wagtda hususy kärhananyň işewür telekeçileriniň tagallalary netijesinde Hanhowuz we Saryýazy suw howdanlarynda balyk awlamak bilen bir hatarda, olary köpeltmek işleri-de guramaçylykly alnyp barylýar. Şu günki günde bu kärhananyň balykçylarynyň yhlasly zähmeti bilen maýda balygyň 6,5 tonnadan gowragy Hanhowuz suw howdanyna goýberildi.

Balykçylaryň balyk awlamakda giňden ulanylýan ýörite gaýyklar we gaýry serişdeler bilen üpjün edilmegi, hususy kärhananyň işleriniň öňe ilerlemegine ýardam berýär. Balykçylar şu ýylyň aýagyna çenli öz öňlerinde goýan meýilnamalaryny üstünlikli amal etmegi maksat edinýärler. Elýeterli bahalardan ak bazarlarymyza çykaryljak täze balyk we balyk önümleri bagtyýar raýatlarymyzyň baýramçylyk saçaklaryny bezär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň