«Lebapetönümleri» AGPJ şu ýyl 350 tonna golaý et we et önümlerini öndürdi

17:5321.12.2019
0
1191

Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Lebapetönümleri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň zähmet adamlary Täze ýyly şowly garşylaýarlar. 2019-njy ýylda olar 347 tonna et we et önümlerini öndürdiler ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Bu ýerde et, üwelen et, şöhlat önümleriniň ilhalar görnüşleri alyjylara hödürlenil ýär. Önümleriň elýeterli bahalardan satylmagy bazar ykdysadyýeti şertlerinde önümçiligiň esasy şertleriniň birine öwrülipdir. Meselem, üwelen etiň her kilogramynyň 16 manatdan satylmagy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ugurdaş söwdada bäsdeşlerinden öňe saýlanmagyna ýardam edýär.

— Söwdamyzyň göçgünli bolmagy üçin bazar ykdysadyýetiniň dürli kadalaryny işjeň ulanýarys. Şonuň üçin biziň önümlerimiz uly islegden peýdalanýar. Şöhlat önüm lerimize aýratyn isleg uly. Biz Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda bu önümleriň 18 görnüşini ilata ýetirip başladyk. Ýarym kakadylan birinji derejeli Daşrabat, Hazar, Aşgabat, Köý tendag ýaly şöhlat önümleriniň gaýnadylan görnüşleri, guş etinden taýýarlanylan Saýatly şöhlatymyz, Sähra ýaly büzmeçelerimiz (sosiska) ýokary hilliligi bilen tapawut lanýar. Bu önüm lerimiziň göçgünli söwdasy ildeşlerimiziň göwünlerine ýaraýandygyndan habar berýär — diýip, «Lebapetönümleri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Kerim Amanmyradow gürrüň berýär.

Şöhlat önümleriniň her kilogramy 30 manat dan başlanyp 50 manada çenli görnüşleri hödürlenilýär. Talap edilýän kadalara laýyklykda taýýarlanylan önümleriň hi li alyjylary kanagatlandyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň