Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýurduň ilkinji Prezidenti hatyralandy

17:1921.12.2019
0
9088

Şu gün paýtagtymyzyň «Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy» seýilgähindäki Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň heýkeline gül goýmak çäresi boldy ― diýip, TDH habar berýär.

Ir bilen paýtagtymyzyň «Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy» seýilgähiniň öňündäki meýdançada Mejlisiň, din hem-de jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar we köp sanly aşgabatlylar ýygnandylar.

Bu ýadygärlik hem-de iki ýyl mundan ozal milletiň Lideriniň başlangyjy bilen Gypjakda açylan muzeý türkmen halkynyň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň gazanylmagyna, özygtyýarlylygynyň berkidilmegine we Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmegine uly goşant goşan Saparmyrat Nyýazowyň ýagty ýadygärligini hatyralap, bu ýörelgelere ygrarly bolmagynyň aýdyň mysallary bolup durýar.

Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň ýadygärligine goýlan gül çemenleri we desseleri türkmen milletiniň görnükli ogullarynyň birine çuňňur hormatyň beýanyna öwrüldi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň