«Täze energiýa» hususy kärhanasy Garagumyň jümmüşindäki obalaryň ýene birinde Gün panellerini oturtdy

15:4121.12.2019
0
5804

«Täze energiýa» hususy kärhanasynyň hünärmenleri ýakynda Aşgabatda 120 kilometr uzaklykda, Garagum sährasynyň jümmüşinde ýerleşýän Ýel obasynda gün panellerini oturtdylar. Bu barada hususy kärhananyň hünärmenleri «Türkmenportala» habar berdiler.

1 kWt kuwwata eýe bolan Gün paneli guýudan elektrik energiýasynyň güýji bilen suw çykarmak üçin niýetleniler. Çopan goşunda telewizor görmek, emeli hemra hyzmatlaryndan peýdalanmak, dürli elektrikli enjamlary, şol sanda sowadyjyny işletmek, çyralaryň 5-6-sy bilen içerini aýgtyltmak üçin bolsa 3 kWt kuwwata eýe Gün panelleri oturdyldy.

Ýakynda türkmen metbugatynda bu hususy kärhana tarapyndan Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän Esenaman meýdançasyndaky çopan goşunda 5 kilowatlyk gün energiýasy panellerini oturdandygy habar berildi. Biz bolsa 2015-nji ýylda döredilen kompaniýanyň şu ýylyň noýabr aýynda Italiýanyň «Ecoprogetti S.R.L.» komaniýasy bilen energiýanyň alternatiw çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýandygyny habar beripdik.

Gün panelleriniň önümçiligi üçin Owadandepedäki aýna zawodynyň önümlerinden peýdalanylýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň