Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futzalçylary «Futsal Week Winter Cup» halkara ýaryşyndaky ahyrky duşuşygynda Çernogoriýanyň ýygyndysyndan ýeňildiler

13:1621.12.2019
0
5227

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Horwatiýada geçirilýän «Futsal Week Winter Cup» halkara ýaryşyndaky ahyrky duşuygynda Çernogoriýanyň ýygyndysyndan ýeňildi.

Poreç şäherinde geçirilen duşuşyk çernogoriýaly futzalçylaryň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeri gelende aýtsak, FIFA-nyň reýtinginde garşydaşlarymyz 58-nji, biziň ýygyndymyz bolsa 64-nji basgançakda.

Türkmen futzalçylary bu ýygyndyny şu ýylyň sentýabr aýynda 6:3 hasabynda ýeňmegiň hötdesinden gelipdiler.

Günüň beýleki duşuşygynda Hytaý San-Maronony 3:1 hasabynda ýeňdi. Şu gün ýaryşyň birinji ornunyň eýesi Çernogoriýa bilen Bosnýa we Gersogowinanyň arasynda boljak duşuşykdan soňra kesgitlener. Ýöne Türkmenistanyň ýygyndysynyň halkara ýaryşy üçünji orunda tamamlamaga mümkinçilik alandygyny habar berýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň