Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaby hindi diline terjime edildi

10:5821.12.2019
0
3743

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby hindi diline terjime edildi. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda kitabyň tanyşdyrylyşy geçirildi.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory, Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň Hindistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary çykyş etdiler.

Çykyş edenler öz çykyşlarynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynda tutuş dünýäde türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasy bolan ahalteke atlaryna bolan gyzyklanmanyň artýandygyny, türkmen bedewlerini ösdürip ýetişdirmäge isleg bildirýänleriň sanynyň köpelýändigini, türkmen atşynaslarynyň daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen özarabähbitli hyzmatdaşlyklarynyň ýola goýulandygy barada belläp geçdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň