Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

23:4820.12.2019
0
11487

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Russiýada geçirilen resmi däl duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Sankt-Peterburg şäherinde türkmen döwletiniň Baştutanyny Russiýanyň Lideri Wladimir Putin mähirli garşylady.

Duşuşyga şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin duşuşygy açyp, döwlet Baştutanlarynyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmek boýunça bilelikde iş alyp barmak hakynda çözgütleri kabul edendiklerini belledi.

Bu sene Arkalaşygyň ýurtlarynyň ähli halklary üçin uly ähmiýete eýedir. Biziň döwletlerimizde Beýik Ýeňşi gazanan esgerler we serkerdeler, tylda tutanýerli zähmet çekip, bu Ýeňşiň gazanylmagyna uly goşant goşan adamlar hakdaky taryhy hakydany gorap saklamak we pugtalandyrmak üçin köp işler durmuşa geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 9-njy maýynda GDA ýurtlarynyň ählisinde Ýeňiş ýadygärliklerine gül goýmak dabaralaryny geçirmegi hem-de şanly senä bagyşlanan baýramçylyk salýutlaryny guramagy teklip etdi.

Türkmenistan GDA başlyklyk ediji ýurt hökmündäki wezipesini tamamlamak bilen, şu ýyl geçirilen ýokary derejeli maslahatlarda beýan edilen ähli maksatlary, şol sanda GDA döwletleriniň arasynda ynamy we özara düşünişmegi pugtalandyrmak, Arkalaşygyň giňişliginde durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, onuň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, GDA ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek arkaly syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge gönükdirilen başlangyçlara ýardam berýän maksatlaryň doly durmuşa geçirilmegini ugur edinýär.

Döwlet Baştutanymyz GDA-nyň işine täze itergileriň berilmelidigi barada aýdyp, häzirki wagtda Arkalaşygyň çäginde hem, beýleki döwletler hem-de halkara ykdysady birleşikler bilen özara gatnaşyklarda hem hyzmatdaşlygyň täze, häzirki zaman meýilleriniň hem-de nusgalarynyň zerurdygyny nygtady.

Bu gatnaşyklar ählumumy ykdysadyýetiň çalt üýtgeýän ýagdaýlaryna, täze ykdysady merkezleriň kemala getirilmegine, innowasiýalaryň, sanly tehnologiýalaryň ähli ýerlerde ornaşdyrylmagyna laýyk gelmelidir. Bularyň ählisi biziň hyzmatdaşlygymyzyň häsiýetine belli bir derejede gaýtadan garamagy, däp bolan ugurlardan başga täze, geljegi uly gatnaşyklara çykylmagyny talap edýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

GDA-nyň işiniň häzirki zaman halkara hyzmatdaşlygynyň binýadynda goýlan maksatlara hem-de esaslaýyn ýörelgelerine eýerýändigi möhüm şertdir. Arkalaşyk geçen ýyllaryň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň erk-islegine, deňhukuklylygyna, özara düşünişmegine we hormata esaslanýan hyzmatdaşlygyň görnüşi hökmünde saýlap alan ugruna eýerdi.

Bu ýörelgelere eýermek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna ukyplylygy we çeýeligi üpjün etdi, ol hyzmatdaşlygyň täze giňişliklerini we mümkinçiliklerini açýar. Halkara durnuklylyk we howpsuzlyk ulgamynyň aýrylmaz bölegi hökmünde GDA-nyň saklanyp galmagyny şertlendirýär.

Şu günki geçirilen ýokary derejeli resmi däl duşuşyga, ilkinji nobatda, sebit boýunça goňşy ýurtlaryň däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, oňa hyzmatdaşlygyň toplanylan oňyn tejribesini hasaba almak bilen işjeňlik we oňyn häsiýet bermäge, milli ykdysadyýetleriň gazananlaryny, şeýle hem bar bolan ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatyny artdyrmaga özara gyzyklanmanyň ýene bir aýdyň subutnamasy hökmünde garamak bolar.

...Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Pulkowo» Halkara howa menziline bardy, şol ýerden Aşgabada ugrady. 
   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň