Aşgabatda armrestling boýunça ýaryş geçirilýär

22:0720.12.2019
0
4530
Aşgabatda armrestling boýunça ýaryş geçirilýär

22-nji dekabrda Aşgabatda armrestling (bilek göreşi) boýunça ýaryş geçiriler. 30-dan gowrak ýüztutmanyň kabul edilen ýaryşy gündiz sagat 11-de başlanar. Onda çempionlyk ugrunda örän gyzgalaňly we dartgynly göreşiň dowam etjekdigini ynam bilen aýdyp bileris.

Ýaryşyjylaryň agram derejesi 55 kilogramdan 110 kilograma çenli üýtgär. Elbetde, esasy çempionlyk ýaryşy iň agyr agramdaky gatnaşyjylaryň arasynda bolar. Ýaryşyň guramaçylyk topary janköýerleri türgenleri goldamaga çagyrýar.

Ýaryş Aşgabat şäheriniň Ýylgaý Durdyýew köçesiniň 50-njy jaýynda, «Gyrat» binasynda geçiriler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň