Soňky habarlar

Arhiw

Balkanabat şäherinde türkmen milli halyçylyk sungatyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

05:1920.12.2019
0
984

Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli, Balkanabatdaky welaýat döwlet drama teatrynda «Haly — halkymyzyň gözellik dessany» diýen at bilen dabaraly çäre geçirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Balkan welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, welaýat Medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki tagallalary bilen ýokary ruhubelentlikde geçirilen dabaraly çäre turuwbaşdan işjeň häsiýete eýe boldy. Balkanly halyçylar bu dabaraly çäräniň iň bir arzyly myhmanlary boldular.

Dünýäni haýran galdyrýan bu ajaýyp gözelligi döretmekde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Balkan welaýatyndaky çeper halyçylyk kärhanalarynyň on barmagy hünärli gelin-gyzlary hem öwgä mynasyp işleri bitirýärler. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde Esengulyda 300 orunlyk, Serdarda 500 orunlyk, Bereketde bolsa 150 orunlyk ähli amatlyklary bolan haly fabrikleriniň gurlup, dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şeýle ajaýyp netijeleri gazanmaklaryny üpjün edýär. Bu ady tutulan kärhanalarda şu ýylyň geçen on bir aýynda jemi 7 müň 744 inedördül metr haly dokalyp, 8 million 307 müň manatlykdan gowrak iş bitirildi. Bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwründäkisinden epesli köpdür.

Dabaraly çärä gatnaşyjylar teatrda «Türkmen halysy — älem sazlaşygy» ady bilen guralan sergä-de aýlanyp gördüler. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly we beýleki kitaplaryndan, amalyhaşam sungatynyň el işlerinden, haly-palaslardan, ýaşajyk suratkeşleriň çeken suratlaryndan guralan sergi diýseň täsirli boldy.

Soň­ra welaýatyň tanymal sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda ýaň­lanan döwrebap aýdym-sazlarda asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen halysynyň şöhraty, nepis sungaty mynasyp dowam etdirýän halyçy gelin-gyzlaryň waspy belentden ýetirildi.

Şu ajaýyp hoş habar mynasybetli, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen dabara hem çäksiz buýsanja beslendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň