Türkmenistanda Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine talyplyga seçip alyş başlady

05:1220.12.2019
0
22332

Türkmenistanyň Bilim ministrligi türkmen metbugatynda 2020/2021-nji okuw ýy­ly üçin Weng­ri­ýa­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne ýo­ka­ry bi­lim we ma­gist­ra­tu­ra okuw mak­sat­na­ma­la­ry bo­ýun­ça se­çip alyş işi­ni ge­çir­ýändigini habar berdi.

«Türkmenistan» gazetinde çap edilen bildirişde ýaşy 35-den geçmedik hem-de 2020-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli 18 ýaşy dolýan 2019/2020-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerini tamamlaýan, iň­lis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýändigi aýdylýar.  Şeýle hem hünärleriň sanawyny, Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary bilim we magistratura okuw maksatnamalary boýunça okuwa kabul etmegiň sanyny we okuwyň şertleri baradaky maglumaty Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan alyp boljakdygy aýdylýar. Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kabul ediş topary tarapyndan 2019-njy ýylyň 21 — 30-njy dekabry aralygynda kabul edilýär.

Dalaşgärlerden resmi iş kagyzlarynyň hatarynda Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama, umumy orta bilim ýa-da orta hünär bilimi baradaky resminamanyň (magistratura talyp ýerlerine dalaşgärler üçin ýokary bilim baradaky resminamanyň) asyl nusgasy ýa-da bahalar bilen şahsy jiltiň tassyklanan göçürmesi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdeplerine girmek barada dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy), soň­ky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama, 3x4 sm möçberde on iki sany fotosurat, işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi, giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda döwlet orta we ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýe­ňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny talap edilýär.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Uniwersitetiň kabul ediş topary zerur bolan ýagdaýynda Wengriýa okamaga gitmek üçin gerekli goşmaça maglumatlary dalaşgärden sorap biler. Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we seçip alyş işi 2020-nji ýylyň 5 — 7-nji ýanwary aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilýär. Giriş synaglary umumybilim berýän mekdeplerde okadylýan derslerden test, şeýle hem Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik (magistratura talyp ýerlerine dalaşgärler üçin degişli hünär ugry boýunça we Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik) görnüşinde geçirilýär. Test — ýazmaça, söhbetdeşlik — dilden Türkmenistanyň döwlet dilinde geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaglara gelip bilmedikler ýa-da synaglaryň birinden geçip bilmedikler ondan soň­ky synaglara goýberilmeýär.

Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy şa­ýo­lu­nyň (1966) 31-nji ja­ýy, te­le­fon bel­gi­le­ri: 94-69-90, 94-54-29

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň