Lebap welaýatynyň hususyýetçileri baýramçylyk saçagyna önümlerini hödürleýärler

18:0519.12.2019
0
959

Lebap welaýatynda işleýän hususy telekeçiler Täze ýyl baýramynda azyk bolçulygyny döretmek ugrundaky işlere öz goşandyny goşýarlar. Şu günler önüm öndürýän hususy kärhanalarda işler ýokary depgin bilen dowam edýär ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Neşiriň ýazmagyna görä, Türkmenabat şäherinde «Daýançly zaman» hususy kärhanasy Täze ýyl saçaklary üçin süýji kökeleriň 3 görnüşini, dürli çörek önümlerini satuwa çykardy. Telekeçi Rozymyrat Turaýew bolsa «Saglyk» diýip atlandyran berhizlik çörek önümleriniň 5 görnüşden hem gowragyny hödürleýär. Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Lebapetönümleri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň zähmet adamlary hem et-şöhlat önümleri bilen ilatyň saçaklaryndaky önümleriň bolçulygyny üpjün edýärler. Dekabr aýynda Täze ýylyň öňüsyrasyndaky günlerde olar 20 tonnadan gowrak et önümlerini öndürip, baýramçylyk saçaklarynda bolçulygyň döredilmegini üpjün edýärler. Önümleriň arasynda şöhladyň onlarça görnüşiniň bolmagy alyjylaryň isleglerini kanagatlandyrýar.

Saýatly telekeçi Aksoltan Hajyýewa hem guş etiniň 50 tonna golaýyny ildeşlerimize hödürleýändigini aýdýar.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölümi tarapyndan hususyýetçileriň müňlerçesi hasaba alyndy. Olaryň aglabasy önümçilik bilen meşgullanýan hususyýetçilerdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň