STT hususy kärhanasy Köýtendagda senagat we nahar duzuny öndürmäge girişdi

18:0119.12.2019
0
1156

Sabyr, Timur Taşowlaryň (STT) hususy kärhanasy öz işlerini Köýtendag sebitlerinde alyp barýar. Täze ýylyň öňüsyrasyndaky günlerde bu hususy kärhana senagat, şeýle hem nahar duzuny köp möçberde hödürläp ugrady ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Neşirde ýazylyşy ýaly, STT hususy kärhanasynyň Köýtendag etrabynyň Gurşun-magdan şäherçesinde işe girizen täze, döwrebap önümçiligi ýylda duzuň 15 müň tonnasyny öndürmek kuwwatyna eýedir. Innowasion tehnologiýalar arkaly nahar duzunyň düzüminiň ýod bilen baýlaşdyrylmagy hem ýokary derejede ýola goýuldy.

Ýeri gelende aýtsak, Köýtendagyň baýlyklaryndan peýdalanmak işine ýurdumyzyň beýleki hususy taraplary hem işjeň gatnaşýarlar. Häzir bu sebitde hususy kärhanalardyr jemgyýetçilik hojalyklarynyň ençemesiniň önümçilik bölümleri açyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň