Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynyň saglygy goraýyş işgärleri daşary ýurtlarda tejribesini artdyrýarlar

17:4819.12.2019
0
1235

2018-nji ýylyň tomsunda açylyp, ulanmaga berlen Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmanlary bu ýerde oturdylan döwrebap enjamlardan peýdalanmakda tejribesini artdyrmak üçin daşary ýurtlarda okuw maslahatlaryna gatnaşyp gelýärler. Ýakynda bu saglyk merkeziniň lukmanlarynyň birnäçesi Koreýa Respublikasynda we Germaniýa bir aýlyk saparlarda bolup geldiler.

«Türkmen gündogary» gazetinde ýazylyşy ýaly, bu saparlara beýleki döwletlerden hem lukmanlar gatnaşdy. Lukmançylygyň we lukmançylyk enjamlarynyň ösen bu döwletlerinde bolmak, dünýä belli alymlaryň geçirýän çylşyrymly operasiýalaryna gatnaşmak türkmen hünärmenleri üçin örän ähmiýetli tejribe mekdebine öwrülýär.

Şu günler bu merkeziň göz lukmanlarynyň biri Fransiýada saparda bolýar. Bu saparyň hem maksady bilelikdäki tejribäni ösdürmekden ybaratdyr.

Merkezi Aziýa iň iri köpugurly hassahana bolan bu saglyk merkezinde döwrebap enjamlar oturdyldy. Häzir bu merkeziň hyzmatlaryndan diňe bir ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelýän adamlar hem däl-de, daşary ýurtlaryň raýatlary hem peýdalanýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň